Ynsan saglygynyň aladasy

2 Ýanwar 2024
637

Welaýatymyzda «Arçman», «Ýyly suw», «Bagabat» ýaly häzirki zaman döwrebap şypahanalaryň hereket edýändigi, şolaryň ilkinji ikisiniň Bäherden etrabymyzyň çäginde ýerleşýändigi, häzirki taryhy döwrümizde olaryň sagaldyş-dikeldiş mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýetiň berilýändigi bizi diýseň begendirýär. Tamamlanan 2023-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň «Arçman» şypahanasyna iş saparyny amala aşyryp, onuň çägini giňeltmegiň, ylaýta-da, şypahanada täze binany gurmak, ozalky binanyň we Saglyk ýolunyň durkuny döwrebaplaşdyrmak, mineral suwunyň mümkinçiliklerini ylmy esasda öwrenmek ýaly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirmegi, şonuň yzysüre hormatly Prezidentimiziň «Arçman» şypahanasynyň täze binalar toplumyny gurmak boýunça degişli resminama gol çekmegi taryha giren buýsançly waka hökmünde ýatda galdy.

Döwlet Baştutanymyzyň «Arçman» şypahanasynyň täze binalar toplumyny gurmak bilen bagly kabul eden resminamasynyň gözbaşynda raýatlaryň saglygy hakdaky alada durandyr. Çünki halkymyzyň saglygyny bejermekde we dikeltmekde, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda şypahanalaryň uly ähmiýeti bardyr. Jana melhem suwy bilen il içinde meşhur bolan «Arçman» şypahanasy bu babatda aýratyn orun eýeleýär.

Amanaly MÄMMEDOW,
Bäherden etrap hassahanasynyň baş lukmany.