Adaty beýi

22 Dekabr 2023
670

Adaty beýi agajy melleklerde, ýöriteleşen hojalyklarda, daýhan birleşiklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Ösümligiň ýapraklary, gülleri, miweleri we tohumy çig mal bolup hyzmat edýär. Ýapraklaryny we güllerini ösümlik gülleýän döwründe (maý aýynda), miwelerini we tohumlaryny doly ýetişende (sentýabr aýynda) ýygnamaly. Olary açyk howada guratmaly.

Bu ösümligiň dermanlyk häsiýetleri Abu Ali ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly nusgawy işinde-de beýan edilýär. Akyldar ony uçukda, beze kesellerinde, ýanyklarda, üsgülewikde peýdalanmagy maslahat berýär. Muhammet Gaýmaz Türkmen «Pygamber tebipçiligi» atly nusgawy eserinde hem beýiniň dermanlyk häsiýetlerini giňişleýin beýan edýär.

Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.