Saglygymyzy goralyň!

19 Dekabr 2023
860

Eziz çagalar, gar ýaganda siziň hemmäňiziňem gar zyňyşyp oýnasyňyz, gardan gar adam ýasasyňyz gelýändir. Onuň üçin siz sowuk howada daşarda gezip, sowujak gary ellemeli bolýarsyňyz. Beýle ýagdaýda siz üşäp, syrkawlap bilersiňiz. Şonuň üçin gyşyň garly, aýazly, sowuk howasyndan goranmagyňyz gerek, daşary çykanyňyzda bolsa özüňiz hem saglygyňyz üçin zerur şertleri berjaý etmegiňiz gerek. Onuň üçin nämeler etmeli? «Güneşiň» saglyk burçy size şeýle maslahatlary berýär:

Elleriňize ellik, kelläňize başgap, aýagyňyza galyňja jorap, içi tüýlüje ädikdir typmaýan aýakgap, ýyljajyk eşikler geýmeli. Suwa düşüp, saçyňyzy ýuwup, daşary çykmak bolmaýar. Sürçek ýerlerden hem ägä bolmaly. Ýoldan geçilende seresaplylyk bilen ýörite geçelgelerden geçmeli.

«Güneş».