Dänew etrabynda öňdebaryjy hojalyklaryň biri hasaplanylýan «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçileri tamamlanyp barýan 2023-nji ýyly örän şowly jemleýärler. Olar gallaçylykda, ýüpekçilikde, bag-bakja ekerançylygynda ýokary netijeleri gazandylar. Şu ýyl «ak altynyň» hem meýilleşdirilen hasylyny artygy bilen ýygnap, uly üstünligiň eýeleri boldular. Biz hem bu daýhan birleşiginiň üstünliklerini gutlamak hem-de ýokary netijeleri gazanan zähmet adamlaryny höweslendirmek maksady bilen taýýarlan sowgatlarymyzy gowşurmak üçin kärendeçileriň arasyna geldik.
Daýhan birleşiginiň başlygy Rahym Jümmiýew: