Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

13 Dekabr 2023
715

Toprak altyna öwrülýär

Bugdaýdyr pagtanyň we beýleki gök ekinleriň bereketli hasylyny ýetişdirip, oba hojalygynyň ösmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçiler welaýatymyzda sanardan köp. Şeýle tejribeli kärendeçileriň biri hem Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginiň ýaşaýjysy Döwletjan Öwezmyradowdyr. Ol indi birnäçe ýyl bäri toprak bilen iş salşyp, onuň diline düşünip, ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy başarýar.