Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Owadan Gämi» hususy kärhanasynyň limonariýa ýyladyşhanasynyň işgärleri üçin şu günler gyzgalaňly möwsüm dowam edýär. Ýyladyşhananyň agzybir işçi-hünärmenleri berekedini bolluk bilen eçilen limon baglarynyň miwesini wagtynda ýygnap almakda yhlasly zähmet çekýärler.
Hususy kärhananyň bölüm müdiri Hudaýberdi Sopyýewiň aýtmagyna görä, häzirki gyzgalaňly möwsümde günde 1 tonna barabar limon ýygnalyp, «Owadan Gämi» diýen ýazgyly ýörite gaplarda paýtagtymyza we welaýatlara bökdençsiz ugradylýar. Ynsan saglygy üçin örän peýdaly bolan bu ýokumly önümler ildeşlerimiziň bereketli suprasynyň bezegine öwrülýär.