Bazar bolçulygyna mynasyp goşant

12 Dekabr 2023
608

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň kärendeçileri gök-bakja we miwe önümlerini öndürmekde guwandyryjy netijeler gazanyp, ýurdumyzda bazar bolçulygyny döretmekde özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Daýhan birleşigiň kärendeçileri, esasan-da, Gerkez jülgesiniň suwarymly ekin meýdanlarynda nar, alma we beýleki miwe önümlerini öndürip, ilatyň gök, miwe önümlerine bolan islegleriniň doly kanagatlandyrylmagyny gazanýarlar.

Etrabyň daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçileri Amangeldi Töräýew 4 gektar meýdanda, Nursadap Annataganowa 1 gektar meýdanda nar agaçlaryny, Begmyrat Pepiýew 1,5 gektar ýerde alma agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen, ekin meýdanlaryndan alynýan önümleriniň hiliniň ýokary derejede bolmagy üçin yhlasly zähmet çekip, bellenilen şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edýärler.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.