Gök önümler näme üçin peýdaly?

7 Dekabr 2023
802

Gündelik iýmitlenişde gök önümleriň yzygiderli ulanylmagy adamyň sagdyn ýaşamagyny gazanmakda, onuň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ýöne diňe bir ir-iýmişdir miweler, gök we bakja önümleri bilen iýmitlenilmegi hem bedene uly zyýan ýetirip bilýär. Ilki bilen gök önümleriň peýdaly häsiýetine seredip geçeliň.

• Gök önümler aşgazan-içege ulgamyny işjeňleşdirýär. Düzümindäki alma, limon organiki turşulary, efir ýaglary ys alyş we tagam duýuş reseptorlaryna täsir edip, aşgazan şiresiniň bölünip çykmagyna itergi berýär. Aşgazan şiresi bolsa diňe bir gök önümleriň däl-de, eýsem, siňmegi kyn bolan etli, hamyrly naharlaryň hem özleşmegini tizleşdirýär.

Şemşat SAPARLYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 15-nji saglyk öýüniň baş lukmany.