Gan basyşy bedene nähili täsir edýär?

7 Dekabr 2023
830

Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň 2-nji miokardyň infarkty ylmy-kliniki bölüminiň müdiri Maýsa Gurbanowa habarçymyz Narjan Kasymowa bilen söhbetdeşlikde arterial gan basyşynyň kadadan üýtgemegi we munuň sebäpleri, bu hadysanyň beden agzalarynyň işine täsiri, onuň öňüni almagyň ugur-ýollary barada gürrüň berýär.

— Arterial gan basyşynyň kadadakydan üýtgemeginiň bedeniň işine nähili täsir edýändigine düşünmek üçin ilki bilen arterial gan basyşynyň nämedigine düşünmeli. Arterial gan basyşy gan akymynyň ýürekden iteklenilýän we damarlara hem-de olar arkaly iýmitlenýän kelle beýnisine, ýürege, böwreklere «basýan», agram salýan güýjüniň görkezijisi bolup durýar. Beden agzalarynyň işi ganaýlanyş ulgamy arkaly, bu ulgamyň işi bolsa ganyň üznüksiz hereketi arkaly amala aşyrylýar. Ganyň hereketine ganaýlanyş ulgamynyň agzalary bolup durýan ýüregiň we gan damarlarynyň işi itergi berýär. Ýüregiň myşsasy (miokard) ýygrylanda, gan belli bir basyş astynda ýürekden esasy gan damaryna (aorta) we öýken arteriýalaryna çykarylýar. Basyş ganyň mundan beýläkki hereketine hem täsir edýär. Gan belli bir basyş astynda uly we kiçi ganaýlanyş ulgamlary boýunça hereket edip, ähli beden agzalaryny kislorod hem-de ýaşaýyş üçin derwaýys beýleki maddalar bilen üpjün edýär.

«Saglyk».