«Bagabat» şypahanasy

7 Dekabr 2023
714

Halkyň saglygy barada yzygiderli uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen 2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda açylyp ulanylmaga berlen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat jülgesindäki «Bagabat» şypahanasy gysga döwrüň içinde ýurdumyzda arzylanýan şypahanalaryň birine öwrüldi. Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany durmuşa geçirmek babatynda-da ýurdumyzyň gözel tebigatly künjeklerinde ýerleşýän şypahanalaryň ähmiýeti uludyr. Çünki tebigy esasly saglygy dikeldiş hem-de berkidiş çäreleri ynsan saglygy üçin örän ýaramlydyr. Şu babatda, «Bagabat» şypahanasyna gelýänler halkyň saglygyny goramak barada edýän taýsyz tagallalary üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize uly hoşallyklaryny beýan edýärler. şypahananyň ajaýyp tebigy gurşawy, binalarynyň kaşaňlygy, bu ýerde ynsanlaryň saglygyny dikeltmek, berkitmek üçin döredilen döwrebap şertler gelenleriň göwnüne ýaraýar. Bu şypahana bir gelen: «Ýene gelsem» diýýär.

Şypahananyň saglygy dikeldiş bölümleri

Agajan REJEPOW,
«Bagabat» şypahanasynyň baş lukmanynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary.