Şalyçylarymyzyň zähmet ýeňşi

6 Dekabr 2023
710

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň şalyçylary 8 müň 100 gektar ýerde şaly ekişini geçirip, Watan harmanyna 35 müň tonnadan gowrak şaly hasylyny tabşyrdylar we döwlete şaly tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Welaýatymyzda öndürilen şalynyň bereketli hasyly Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky hem-de «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň edermen şalyçy kärendeçileri tarapyndan ýetişdirildi. Şalyçylyk hojalyklarynda şalynyň, esasan, «Müňbaş», «Elenga», «Nöküs-2» görnüşleri ekilip, olar hasyllylygy, azyklyk ýokumlylygy we toprak-howa şertlerimize durnuklylygy babatda şalyçy daýhanlarymyzyň köpýyllyk synagyndan geçip gelýär. Ýere eýeçilik gözi bilen garalmagy, önümçilige öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagy edermen şalyçylarymyza ýerden ýokary hasyl almaga mümkinçilik berdi. S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginden Dursunbaý Annamyradow, Tirkeş Baýryýew, Jahangül Gummanowa, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginden Durdymyrat Atanazarow, Baýramgeldi Kulyýew, Jennet Batyrowa ýaly tejribeli şalyçy kärendeçiler şalynyň bereketli hasylyny kemale getirmekde köplere görelde görkezmegi başardylar. Şalyçylarymyzyň zähmet üstünligini gazanmagyna welaýatymyzyň etraplarynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary, ussalary hem kuwwatly tehnikalaryň saz we bökdençsiz işledilmegini gazanmak bilen, özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Şalyçy kärendeçilerimiziň hem-de pudaga dahylly bolan işçi-hünärmenleriň birleşen tagallalary netijesinde ýetişdirilen «sary altynyň» bereketli hasyly öz wagtynda we zaýasyz Watan harmanyna tabşyryldy.

Öz habarçymyz.