Maldarlaryň gyş aladalary

6 Dekabr 2023
749

Ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmäge, olaryň baş sanyny köpeldip, önümliligini artdyrmaga, şeýlelikde, maldarçylykdan ýokary girdeji gazanmaga döredilýän giň mümkinçilikler kärendeçi maldarlaryň yhlasly zähmet çekmäge bolan hyjuwyny has-da artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşmak babatda ýadawsyz zähmet çekýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi maldarlary häzirki günlerde mallary dok we ýyly gyşlatmak ugrunda ähli zerur çäreleri görýärler. Daýhan birleşigi boýunça jemi 100-den gowrak mal bolup, bu ýerde olara tejribeli maldarlar gözegçilik edýärler. Şeýle maldarlaryň biri-de Ödek Ödekowdyr. Häzirki wagtda onuň garamagynda iri şahly mallaryň 49-sy bar. Ol mallaryň sagdyn ösüp ulalmagyna, olaryň saklanýan ýerleriniň arassaçylygyna yzygiderli gözegçilik edýär. Mallary göwnejaý gyşlatmak maksadynda, ol 24,5 gektar meýdana ot-iýmlik ekinleriň dürli görnüşlerini ekip, bol hasyl aldy. Şeýle hem iri baldakly otlaryň 260 tonnadan gowragyny ýygnady. Ätiýaçlyk taýýarlanan bu ot-iýmleriň bolelin ýetjekdigini kärendeçi maldar Ödek Ödekow ynam bilen aýdýar. Mallaryň gyş möwsüminde sagdyn, ýokary önüm berijilik ýagdaýynda saklanylmagy ugrundaky işleri talabalaýyk dowam etdirmekde, olaryň iýmlerini wagtly-wagtynda bermekde, suwa ýakmakda zähmetsöýer maldara kömekçileri Nurmuhammet Koşşyýew, Hasan Kakabaýew dagy ýakyndan ýardam berýärler.

Daýhan birleşiginde şeýle kärendeçi maldarlaryň birnäçesi bolup, olaryň hatarynda Parahat Işangulyýewi, Maksat Rejepowy agzamak bolar. Olaryň çekýän agzybirlikli zähmeti netijesinde, mallar talabalaýyk gyşladylýar.

Döwletgeldi SAPAROW,
TAP-nyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň hasapçysy.