Kitapda jemlenen gymmatlyklar

6 Dekabr 2023
538

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik gözlegleri il-günümize kämil we ajaýyp eserleri bagyşlaýar. Şeýle kitaplaryň biri hem mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomly ylmy-ensiklopedik eseriniň XV tomudyr. Golaýda polkownik Amangeldi Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň tabynlygyndaky podpolkownik Myrat Hojagulyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde, serkerdäniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, maýor Baýmyrat Taňrygulyýewiň ýolbaşçylygynda, etrap hassahanasynyň maşgala lukmany Gurbangül Baýrammämmedowa, etrabyň merkezi kitaphanasynyň müdiri Sülgün Annameňliýewa dagynyň gatnaşmaklarynda geçirilen dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň ähmiýeti barada jikme-jik durup geçdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi barada söz açýar. Kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär. Şoňa görä-de, bu kitap diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä lukmançylygynda-da gymmatly gollanma hökmünde içgin özleşdirilýär.

Toýly ROZYÝEW,
kapitan.