Adamlaryň saglygy — jemgyýetiň sagdynlygy

6 Dekabr 2023
431

Halkyň abadan we bagtyýar durmuşy baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Şonuň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde uly halkara abraýa eýedir. Bizi bu belent mertebäniň eýesi eden Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly ajaýyp kitabynda: «Iň esasy zat bolsa, döwletiň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy hakdaky, onuň nesilleriniň geljegi hakdaky, halkymyzyň hemişe ruhubelent ýaşamagy hakdaky aladadyr» diýip ýazýar.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä ylmynyň gazananlary esasynda ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, paýtagtymyzda ylmy-kliniki we sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň, etrap-şäherlerimizde, obalarymyzda döwrebap hassahanalardyr saglyk öýleriniň gurulmagy, keselleriň görnüşlerini düýpli azaltmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak babatda gazanylýan ägirt uly üstünlikler munuň aýdyň subut-namasydyr. Ýaňy-ýakynda ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň gowşurylmagy bolsa bu hakykaty ýene bir gezek tassyklan buýsançly wakalaryň biri boldy.

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».