Möwsümleýin keselleriň öňüni almak

5 Dekabr 2023
695

Ýylyň islendik paslynda ulularyň we çagalaryň arasynda ýiti respirator keseline duş gelmek bolýar. Gyş paslynyň gelmegi bilen dem alyş ýollarynyň sowuklamasy has-da ýygjamlaşýar. Gyş paslynda kähalatlarda bedeniň aşa sowamagy sebäpli, immunitet peselip, ýiti respirator keseline ýolugyp biler.

Bu kesel ululara garanyňda, çagalaryň arasynda 2-3 esse köp duş gelýär, beýle ýagdaý çagalarda immun ulgamynyň kämilleşmändigi bilen düşündirilýär. Muňa çagalaryň 6 aýlykdan 3 ýaşa çenli kesel dörediji wiruslara durnuklylygynyň pesligi sebäp bolýar.

Gülruh ASADOWA,
Aşgabat şäherindäki 8-nji saglyk öýüniň baş lukmany.