Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşleri

5 Dekabr 2023
750

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak, halkymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmynyň gazanan baý tejribelerine esaslanýan kämil we ýokary derejeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär.

«Arakadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda toýlar toýa ulaşýar. Şeýle dabaraly wakalaryň biri hem Balkanabat şäherinde ýerleşýän Balkan welaýat köpugurly hassahanasynyň durkunyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagydyr. Bu hassahana täze gurlan binalar toplumy bilen üsti ýetirilip, dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Balkan welaýat köpugurly hassahanasynyň 290 orunlyk 5 gatly binalar toplumy köptaraplaýyn ýokary derejeli lukmançylyk kömeginiň berilmegi üçin niýetlenilip, hassahanada anyklaýyş we maslahat beriş, kabul ediş, şöhle bilen anyklaýyş, hirurgiýa, trawmatologiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, oftalmologiýa, kardiologiýa, newrologiýa, terapiýa, toksikologiýa we gemodializ, fizioterapiýa, merkezleşdirilen barlaghana we beýleki bölümler hereket edýär.