Lukman maslahaty

23 Noýabr 2023
732

Ýiti respirator keseliniň ýokanjynyň irki ýüze çykmalary alamatsyz görnüşde başlap, dürli gaýraüzülmelere getirip biler. Adaty ýiti respirator keseliniň ýokanjy birden bedeniň gyzgynynyň galmagy bilen başlaýar. Bedeniň gyzmagyna üşütme, baş aýlanma, myşsalardaky agyry, kellagyry, umumy ysgynsyzlyk goşulýar. Çagalar üçin ýürek bulanma, gaýtarma, garyndaky agyry, içgeçme häsiýetli bolup biler.

Ýiti respirator keselli näsag öz wagtynda lukmana ýüz tutup, oňa degişli bejeriş çäresi geçirilse, gaýraüzülmeleriň öňüni alyp bolar. Näsaglary wagtynda sagdyn adamlardan çäklendirmek örän wajypdyr.

Aýna GULLYÝEWA,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.