Soňky hanasyna çenli

21 Noýabr 2023
662

Tejen etrabynyň pagtaçylary meýdandaky «ak altyny» soňky hanasyna çenli ýygnap almakda yhlasly zähmet çekýärler. Bu işde etrabyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri has-da işjeňlik görkezýärler. Ýygymda el kömeginden, etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlarynyň güýjünden ýerlikli peýdalanylýar. Bu hojalykda bolup, zähmetsöýer kärendeçi Tagandurdy Ataýew bilen duşuşanymyzda ol bize şeýle gürrüň berdi:

— Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärende ýerimde 2 gektar meýdanda gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirip, häzire çenli Watan harmanyna 5 tonna golaý hasyl goşdum. Häzir artdyrylan borçnamanyň hasabyna pagta tabşyrýarys. Möwsümiň ahyryna çenli ýene-de üç tonna hasyly ýygnap, harmana goşmagy maksat edinýärin. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daýhanlar hakdaky aladasy, goldaw-hemaýatlary tutanýerli işlemäge ruhlandyrýar. Munuň üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
öz habarçymyz. Surata düşüren awtor.