Pagta — gymmatly baýlyk

21 Noýabr 2023
592

Häzirki günlerde pagtaçy daýhanlarymyz yhlas siňdirip ýetişdiren gowaça hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almakda tutanýerli zähmet çekýärler. «Ak altynly» atyzlarda çekilýän päk zähmetiň depgini birjik-de gowşamaýar. Ýüwrük elli ýygymçylar, kombaýnlara erk edýän mehanizatorlar, awtoulag sürüjileri, hasyly kabul ediş nokatlardyr kärhanalaryň işçi-hünärmenleri häzirki jogapkärli möwsüme saldamly goşant goşýarlar.

Pagta ýygymy möwsümine gatnaşyjylary zähmet üstünligine ruhlandyrmakda, olaryň armasyny ýetirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap birleşmesiniň degişli hünärmenleri meýdan düşelgelerinde, pagta arassalaýjy we kabul ediş kärhanalarynda, şeýle-de «ak altyna» beslenen meýdanlarda bolup, möwsüme gatnaşyjylar bilen duşuşýarlar, häzirki jogapkärli möwsümiň ähmiýeti barada olara gürrüň berýärler, armalaryny ýetirýärler.

Şamuhammet ANNANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.