Şaly harmany beýgelýär

21 Noýabr 2023
618

Lebap welaýatynyň şalyçylary arzyly pellehana juda golaý geldiler. Olaryň tabşyran şaly hasyly şu hepdäniň başynda umumy borçnamanyň 90 göteriminden geçdi. Welaýat boýunça şu ýyl 10 müň 200 gektar ýerden 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak meýilleşdirildi. Häzire çenli «sary altynyň» 44 müň 350 tonnadan gowragy döwlet harmanyna goşuldy.

Häzirki wagtda welaýatyň dört etrabynyň edermen şalyçylary ýyllyk borçnamalaryny abraý bilen amal etdiler. Has takygy, Darganata etrabynyň şalyçylary 75 gektar ýerden 349 tonna derek 384 tonna hasyl tabşyryp, borçnamany 130 göterimden hem gowrak berjaý etdiler. Şeýlelikde, etrapda her gektaryň hasyllylygy 51 sentnerden geçdi.

Maral AKMYRADOWA,
öz habarçymyz.