Narynç — sary reňkli pyrtykaly ýatladýan, ýöne oňa görä, süýri we maýda, üstesine-de, tagamy mandariniňkä meňzeş kumkwatyň miwesini gabygy bilen iýip bolýar. Ony köplenç dünýä aşhanalarynda etli we balykly işdäaçarlardyr kokteýllere goşýarlar.
Kumkwat miwesiniň maňzynda kömelejiklere garşy täsirli furokumariniň köp mukdary saklanýar. Ol şeýle hem, bakterisid täsirli efir ýaglaryna baýdyr.