Saglygymyza paýhasly çemeleşeliň!

17 Noýabr 2023
708

Ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa üstünlikli hereket edýär. Ýokanç däl keselleriň hatarynda öýkeniň dowamly kesellerine, ýagny pnewmoniýa garşy göreşmekde hem uly işler bitirildi we bitirilýär.

Her ýylyň noýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde Öýkeniň dowamly kesellerine garşy bütindünýä göreş gününiň bellenilmegi bu ugurly keselleri we olaryň öňüni almagyň ýollaryny köpçülige düşündirmek işlerini ýaýbaňlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu sene mynasybetli milli we halkara lukmançylygyň soňky gazananlary boýunça saglygy goraýyş işgärleri bilen ylmy-amaly okuwlar, maslahatlar, raýatlaryň arasynda ugrukdyryjy, düşündiriş çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Maral KERIMOWA,
Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň lukmany.