Yhlasly zähmetiň rehneti

16 Noýabr 2023
709

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ussat pagtaçylary ýakynda, Hasyl toýunyň öňüsyrasynda sebitde ilkinji bolup şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý edip, zähmet ýeňşini gazandylar. Hojalyk boýunça gowaça ekilen 7 müň 300 gektar meýdandan 14 müň 600 tonna derek 15 müň 103 tonna pagta öndürilip, tabşyryk 103 göterim amal edildi. Tylla güýzüň häzirki günlerinde pagta ýygymy gowşamaýan depginde dowam edýär. Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň has-da kämilleşdirilýän döwründe täzeçe işlemegiň göreldesini görkezýän bu hojalyk boýunça ýene-de 3 müň tonna pagta öndürmek göz öňünde tutulýar. Gazanylan ýeňiş toýly günleriň şatlygyny has-da artdyrdy.

«Oýrat» topary boýunça 232 gektar ýerden 925 tonna «ak altyn» öndürilip, 183,5 göterim ösüş gazanyldy. Bu öňdebaryjy topara Uktam Sabirow ýolbaşçylyk edýär. Tejribeli daýhan Gafur Töräýewiň ýolbaşçylyk edýän «Bossan» pagtaçylyk topary 192 gektar meýdandan 384 tonna derek 701 tonna pagta tabşyryp, meýilnamany 182,5 göterim ýerine ýetirdi. Kärendeçi Leýla Jumaniýazowa bolsa 2,48 gektar kärende ýerinden 15,5 tonnadan gowrak hasyl almagy başardy. Her gektaryň hasyllylygy 62 sentnerden geçdi. Kärendeçiler Aýdogdy Agaýew, Hamza Töräýew hem şu ýyl uly zähmet ýeňşini gazandylar. Halal zähmeti bilen, döwletli ojaklarynyň rysgal-berekedini artdyrdylar.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).