Işler utgaşykly alnyp barylýar

15 Noýabr 2023
617

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, welaýatymyzyň babadaýhanlary bugdaýly meýdanlara göwnejaý ideg edýärler. Howanyň häzirki amatly günlerinden netijeli peýdalanyp, bugdaýly meýdanlara suw tutmak, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Endigan gögeren bugdaý maýsalaryny dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek işleri, esasanam, Bereket etrabynyň «Türkmenistan», Gyzylarbat etrabynyň «Goç» daýhan birleşikleriniň, «Nusgawy meýdan», «Daýhan ädimi», daýhan hojalyklarynyň, «Batly Gadam» hususy kärhanasynyň ekin meýdanlarynda kadaly ýola goýlupdyr.

Güýzlük bugdaý ekilen meýdanlary haşal otlardan arassalamaklyga hem aýratyn üns berilýär. Bu möhüm çäräni netijeli geçirmekde traktorlara tirkelen derman pürküji enjamlaryň, ýöriteleşdirilen uçaryň kömeginden peýdalanylýar. Bugdaýa ideg etmek işleriniň welaýatyň oba hojalyk önümçilik birleşiginiň degişli hünärmenleriniň gözegçiliginde alnyp barylmagy ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligini üpjün edýär.

Muhammetgylyç Tagangylyjow,
«Balkan».