Ak bazarlarymyzyň bezegi

15 Noýabr 2023
648

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň hususyýetçileriniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri ykdysadyýetimiziň ösüşine saldamly goşantlaryny goşýarlar. Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan gök we bakja önümlerini ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanýan döwrebap ýyladyşhananyň zähmetsöýer işgärleri hem guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Ýylyň bütin dowamynda gök we bakja önümlerini ilata ýetirýärler. Bu ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän gök önümler diňe bir içerki sarp edijilere däl, eýsem, daşarky bazarlara hem yzygiderli ugradylýar. Bu bolsa türkmen işewürleriniň bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri bilen dünýä bazarlarynda eýeleýän ornuny has-da berkidýär. Telekeçilerimiziň gazanýan şeýle buýsançly üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda hususy eýeçiligiň paýyny düýpli ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary sazlaşykly we netijeli ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertlerini döretmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň miwesidir.

Ogulbäbek Nurgulyýewa,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň baş buhgalteri.