Ak pagta — milli baýlyk

15 Noýabr 2023
688

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygyny düşewüntli pudaga öwürmek, öz ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny çalyşmak, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak hem-de oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle-de oba hojalyk pudagynda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, pes hasyl berýän ýerleri dikeltmäge, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmaga, agrotehniki çäreleri öz wagtynda, ýokary hilli geçirmäge, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmaga uly üns berilýär.

Ýer eýelerine, kärendeçilere döwletimiz tarapyndan ýeňillikli, amatly şertleriň giň toplumy döredildi. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi, oba hojalyk ulgamynyň dünýäde iň kämil, toprak-howa şertlerimize ýaramly döwrebap tehnikalar, şeýle hem dökün, himiki serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilmegi, täze tohumçylyk hojalyklarynyň döredilmegi, ekinleriň toprak-howa şertlerine görä we ylmy esasda ekilmegi hem-de beýleki özgertmeler agrosenagat ulgamyny ösüşlere besledi.

Kakamyrat ÇOPANOW,
TOHI-niň talyby.