«Saglygyň gadryn bilgil, hasta bolmasdan burun»

15 Noýabr 2023
633

Süýji keseli aşgazanasty mäziň işläp çykarýan gormonynyň ― insuliniň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda bedeniň diňe uglewod çalşygy däl-de, eýsem, ýag we madda çalşygy hem bozulýar. Keseliň döremeginiň sebäbi ganda gandyň mukdarynyň ýokarlanmagy bilen düşündirilýär. Insuliniň ýetmezçiligi zerarly glýukozanyň myşsalara we bedene, ýag gatlagyna geçmegi kynlaşýar.

Süýji keseli adamyň horlanmagyna sebäp bolýar. Ol nesil yzarlaýjy häsiýetlidir. Bu bolsa süýji keseli bilen kesellemek howpuny ýokarlandyrýar. Bu görnüşde insuline bolan talap aşgazanasty mäziň işine bagly däl ýagdaýlar bilen düşündirilýär.

Nasiba HUDAÝKULYÝEWA,
welaýat iç keseller hassahanasynyň endokrinolog lukmany.