Sagdyn bolmagyň şertleri

15 Noýabr 2023
507

Sagdyn bolmagyň esasy şertleriniň biri aşgazanyň işini sazlamakdyr. Munuň üçin dogry iýmitlenmeli we hereket etmeli.

Iýmit kabul etmegiň arasy uzak wagta çekýän bolsa, bu madda alyş-çalşygyna ters täsir edýär. Günüň dowamynda 2 gezek iýip-içýän adamlaryň aglabasy agyr we köp mukdarda iýmit kabul edýär. Şeýle etmek bilen olar az iýýändirin diýip pikir edýärler. Emma muňa endik az däl-de, köp iýmäge getirýär. Netijede aşgazan dynç alyp ýetişmeýär. Şonda bedendäki ganyň belli bir bölegi aşgazana kömek etmeli bolýar. Şeýlelikde adam özünde ysgynsyzlyk duýýar. Bu endik wagt geçdigiçe, agramyň artmagyna getirýär. Ýygy-ýygydan ýeňiljek iýmitlenmek bolsa metabolizmiň hemişe hereketde bolmagyny üpjün edýär we aşgazanyň işini ýeňilleşdirýär. Naharyň arasynyň uzaga çekjekdigine göz ýetiren halatyňyzda, gurak iýmitleri, ýagny, hoz, alma, köke iýip bilersiňiz.

Jora NURYÝEW,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.