Sagdyn nesil — sagdyn geljek

7 Noýabr 2023
695

Röwşen geljegimiz bolan körpe nesli ählitaraplaýyn alada bilen gurşamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orun eýeleýär. Esasan-da, Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan kämil şahsyýetleri kemala getirmek, ýaş nesilleriň sagdyn ösüp-ulalmaklaryny gazanmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu hakykata gojaman Köpetdagyň eteginde gurlan, gözellikde deňsiz-taýsyz Arkadag şäherindäki saglyk maksatly desgalaryň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Täzeliklere we täsinliklere baý şäher ýaşlaryň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň hem sahawatlylygyň şäheri hökmünde dünýäde barha uly abraýa eýe bolýar.

Ekologik taýdan arassa «akylly» şäheriň gözel künjeginde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeldiş işlerini utgaşykly alyp barmak üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilipdir. Merkeziň kaşaň binasynyň daş-töweregine ekilen saýaly we pürli baglar, dürli güller, ol ýerde oturdylan türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň heýkelleri çagalarda gözel tebigata we baý haýwanat dünýäsine söýgi döredýär. Ol ýerdäki oýun meýdançalary, dürli maşklary etmek, surat çekmek, aýdym-saz, döredijilik bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler körpe nesliň akyl hem beden taýdan sagdyn ösmegine täsir edýär. Häzirki wagtda bu merkezde bolýan çagalar tejribeli lukmanlar tarapyndan mähir we söýgi bilen gurşalyp, olara lukmançylyk ylmynyň täze gazananlary esasynda bejergi berilýär.

Uzuk SAPARDURDYÝEWA,
Ahal welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany.