Göreşiň Watanynda kuraş baýramy

7 Noýabr 2023
554

2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eden paýtagtymyz bäş ýyllyk arakesmeden soňra ýene-de sport jemgyýetçiliginiň üns merkezine öwrülýär. Barmak büküp sanaýmalyja günlerden merjen paýtagtymyzda kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Kuraş — goňşy özbek halkynyň milli göreş sungaty hasaplanylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitlerinde kuraşa «ýaka göreşi» hem diýilýär. Ol Amyderýanyň ýakasyndaky obalardyr şäherlerde tutulýan toýlarda türkmen milli göreşi bilen deň derejede meşhurdyr.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.