Ir döwürlerden bäri adamlar suwy gaýnadyp, oňa dürli ösümlikleriň ýapragyny ýa-da gabygyny goşup, melhemlik içgi hökmünde ulanyp gelipdirler. Otlaryň köpüsi dermanlyk häsiýetliligi bilen tapawutlanypdyr. Şeýle ösümlikleriň biri-de käkilik otudyr. Oňa keýik oty hem diýilýär.
Käkilik otunyň dermanlyk häsiýetleri barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işinde-de giňişleýin gürrüň berilýär.