«7/24. tm» № 44 (179) 30.10.2023
Häzirki döwürde günüň dowamly wagtynda okuwdan-işden başlap, dynç almaga çenli kompýuter tehnikalaryndan peýdalanmak endige öwrüldi. Ýaşlaryň arasynda elektron sporty meşhur bolup başlady. Elektron sportuň beden üçin peýdaly taraplary bardyr. Oýunlar çalt we takyk hereketleri talap edýänligi üçin çalasynlygy we ünslüligi ösdürýär. Merkezi nerw ulgamynyň işiniň, pikirlenme ukybyň kämilleşmegine, ýatkeşligiň gowulanmagyna ýardam edýär.