Allergiýa we onuň öňüni alyş çäreleri

25 Oktýabr 2023
516

Allergiýa — bu bedeniň immun ulgamynyň, adatça, zyýansyz hasaplanylýan zatlara bolan ýiti reaksiýasydyr. Allergiýanyň alamatlary bedeniň dürli böleklerinde ýüze çykyp, onuň dowamlylygy bolsa birnäçe minutdan birnäçe güne çekip biler. Ol agyrlyk derejesi boýunça-da dürli-dürlüdir.

Allergiýa käbir haýwanlaryň tüýleri, dürli önümler, tozan, dermanlyk, himiki serişdeler, mör-möjekler hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döräp biler. Allergiýanyň ýüze çykmagyna getirýän bölejikler «allergenler» diýlip atlandyrylýar. Käbir ýagdaýlarda allergik reaksiýalar şeýle bir gowşak ýüze çykýar welin, siz asla allergiýadan ejir çekýändigiňizden bihabar galyp hem bilersiňiz. Emma allergiýa has agyrlaşyp, adam ömrüne hem howp salyp biler. Ol allergiýadan ejir çekýän adamlary anafilaktiki şok ýagdaýyna, ýagny bedeniň allergene bolan adatdan daşary ýiti garşylygy netijesinde döreýän agyr patologik ýagdaýa getirip biler.

Aýnabat ATAÝEWA,
Saglygy goraýyş-anyklaýyş merkeziniň lukmany.