Narpyz

25 Oktýabr 2023
761

Hoşboý ysly narpyz otuny tanamaýanlar, ony gündelik durmuşynda ulanmaýanlar az-azdyr. Daglyk ýerlerde narpyzyň ýabany görnüşlerine köp gabat gelmek bolýar. Häzirki wagtda ol şahsy hojalyklarda hem ösdürilip ýetişdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde narpyz otunyň gelip çykyşy, dermanlyk häsiýetleri, ulanylyşy barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Lukmançylykda hem-de halk tebipçiliginde giňden ulanylýan narpyzyň saglyk üçin örän peýdalydygyny durmuş hakykaty subut edip gelýär. Onuň düzüminde kaliý, kalsiý, magniý, fosfor, natriý, demir, sink, mis ýaly dürli peýdaly himiki elementler we witaminler bar. Narpyz işdäni açýar, iýmit siňdirişi, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar, damarlary giňeldýär. Bu ösümlik ýürek-damar, nerw ulgamlarynda hem peýdalydyr. Narpyzyň ýapragyndan taýýarlanylan melhemlik toşap agyz boşlugyny ýokançsyzlandyrmakda oňat serişde hasaplanýar.

Narpyzyň guradylyp, owradylan görnüşini demläp içmek has-da peýdaly. Esasan-da, bu içgini agşamlaryna, ýatmazyňdan öň içmek maslahat berilýär. Çünki ol ukyny sazlaýar. Narpyzly çaý kellagyryny aýyrýar. Ol rahatlandyryjy güýje eýe. Uzakly günüň argynlygyndan soň içilen narpyzly çaý ýadawlygyňy aýyrýar, şähdiňi açýar. Alymlar narpyzly çaýyň artykmaç agramy hem aýyrýandygyny aýdýarlar.

Daýanç DOWLETOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.