Ýiti respirator keselinden goranyň!

24 Oktýabr 2023
566

Güýz paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň çyglylygy we sowamagy sebäpli ýüze çykyp biläýjek ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmeli, elmydama elleri arassa saklap, sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly.

Ýiti respirator keseli gaty basym ýokuşagan kesel bolup, howa-damja ýoly bilen bir adamdan beýleki adama geçýär. Kesel birden gyzgynyň galmagy, kelle we endamyň agyrysy, üşütme bilen başlaýar. Kesel aýak üstünde geçirilende dürli gaýraüzülmelere getirip biler.

Guwanç SAPAROW,
Aşgabat şäher hassahanasynyň bölüm müdiri.