Gymmatly gollanma

19 Oktýabr 2023
616

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak  babatda durmuşa geçirilýän işleriň netijeli üstünlikleriniň beýany boldy. Alym Arkadagymyzyň köpýyllyk düýpli ylmy işi bolan ensiklopedik eseriniň täze jildi  dünýäde lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösmegine hem kämilleşmegine goşan nobatdaky uly goşandydyr.

Ýeri gelende bellesek, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriň tutuş halkymyz bilen birlikde, dünýäniň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda zähmet çekýän işgärler we lukmançylyk hünär ugurlary boýunça okaýan talyplar üçin gymmatly gollanma bolandygyny buýsanç bilen nygtaýarlar. 

Gurbandurdy ORAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.