Saglygyň goragynda

17 Oktýabr 2023
571

Adam üçin iň gymmatly baýlyk saglykdyr. Çünki saglyk sagdyn durmuşyň özenidir. Hormatly Prezidentimiziň aladalarynyň netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak boýunça ummasyz köp işler alnyp barylýar. Howply keselleriň öňüni almak maksady bilen yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri guralýar.

Şu ýylyň oktýabr aýynda süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreşmek boýunça biraýlyk yglan edildi. Bu ugurda welaýatymyzda-da birnäçe işler amala aşyrylýar. Welaýat onkologiýa hassahanasynda hem bu howply keseliň öňüni almak we ony bejermek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Tahyr TOÝLYÝEW,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň hirurgiýa bölüminiň müdiri.