Ynsan saglygyna melhem

15 Oktýabr 2023
840

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam edýär. Şeýle beýik işler Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda üstünlikli alnyp barylýar. Ynha, ýakynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergide we ylmy maslahatda saglygy goraýyş ulgamynda beýik işleriň amala aşyrylýandygy beýan edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemme ulgamlar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda hem belent üstünlikleri gazanýandygymyzy subut edýär.

Häzirki ajaýyp günlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň XV jildini ýüzümize syldyk. Kitabyň many-mazmuny kalbymyzda orun aldy. Bu ajaýyp kitap diňe bir saglygy goraýyş işgärleri, mugallymlar üçin däl-de, eýsem, ähli ildeşlerimiz üçin hem gymmatly gollanmadyr. Çünki saglyk ynsanyň baş baýlygydyr.

Bahargül MEREDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň assistenti.