Bereketli pellerde zähmet gaýnap joşýar

25 Sentýabr 2023
464

Etrabymyzyň «Bereket» daýhan birleşiginiň pagtaçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünliklere beslemegi maksat edinip, yhlasly zähmet çekýärler. Gymmatly hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak işinde aýry-aýry ýer eýeleri işjeňlik we ýokary başarnyk görkezýärler. Olaryň birnäçesi eýýäm birinji ýygymda hojalyk bilen pagta taýýarlamak barada baglaşan şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli berjaý etdi. Şeýle ussatlaryň biri-de Muhammet Batyrowdyr. Ol şu ýyl bir gektar meýdana gowaça ekip, bol hasyly ösdürip ýetişdirdi. Janypkeş daýhan borçnama laýyklykda Watanyň uly harmanyna 4,2 tonna pagta tabşyrmalydy. Onuň döwlet terezisinden geçiren hasyly eýýäm 4780 kilograma ýetdi. Ýagşymyrat Jumaýew, Jora Çaryýew, Şemşat Joraýewa ýaly ezber daýhanlar hem meýilnamalaryny üstünlikli berjaý edip, beýik Garaşsyzlyk baýramymyzy mynasyp sowgatly garşylaýarlar.

Daýhan birleşiginde ýokarda atlary agzalan ussatlaryň göreldesine eýerýänleriň sany barha artýar. Hojalygyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy zähmet adamlaryny has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Guramada agzalaryň 2,1 müňden gowragy bolup, olaryň aglabasy kärendeçilerdir. Ýer eýeleri hormatly Prezidentimiziň özleri hakynda edýän ýadawsyz aladalaryndan ruhlanyp, maksada okgunly işleýärler.

Maýa RAHYMOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.