Dogumyndan dag döredýär

21 Sentýabr 2023
973

— Işjanly kärendeçi-pagtaçy barada ýazmakçymy?! Onda «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Aýjahan Nuryýewa tüýs mynasyp. Sebäbi ol «Dogumyndan dag döredýär» diýilýänlerden. Dogumlylygy, işjanlylygy bilen özüni tanadyp bildi — diýip, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy Tawus Beknazarowa Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Artyk obasynyň golaýynda ýerleşýän «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygyna tarap ýola düşenimizde, pagtaçy zenanyň tarypyny ýetirdi.

Melhem howaly meýdanlarda ýaýylyp ýatan sähralykdaky göm-gök öwüsýän gowaçalar, ak gara çalymdaş, patrak kimin seçelenýän ak hanalar gözüňi dokundyrýar. Biz ol ýere baranymyzda, Gün mazaly gyzyp, pagtaçylar guşluk çaýyna çykan ekenler.

Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».