Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär

20 Sentýabr 2023
514

Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk toplumynda jogapkärli möwsüm — pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Özleri barada edilýän aladalardan ruhlanýan welaýatymyzyň pagtaçylary yhlas siňdirilip, ösdürilip ýetişdirilen gowaçanyň bitginli hasylyny öz wagtynda we isripsiz ýygnamak üçin, depgini günsaýyn ýokarlandyrýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Bereket etrabynda hem gowaçanyň bereketli hasyly ýetişdirildi. Şu günler kemala getirilen hasyly ýitgisiz ýygnamakda ähli tagallalar edilýär. Möwsüme gatnaşýanlar pagtanyň her bir hanasynyň isripsiz ýygnalyp alynmagy üçin gujur--gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Bu jogapkärli möwsümiň dowamynda pagta ýygymyna gatnaşyjylar ählitaraplaýyn alada bilen gurşalýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri hem pagtaçylaryň arasynda ýygy-ýygydan bolup, pagta ýygymyna gatnaşýanlary sowgatlar bilen höweslendirip, armasyny ýetirip durýarlar.

Gulatar Gazakow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň başlygy.