Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär

20 Sentýabr 2023
645

Sarahs etrabynyň pagtaçylary ýetişdirilen hasyly ýitgisiz, öz wagtynda ýygnap almak hyjuwy bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde gündelik ýyglyp, harmanhanalara gelip gowuşýan “ak altynyň” tonnalary barha artýar.

Pagtaçy kärendeçilerdir mehanizatorlaryň, ulag sürüjileriniň aglabasy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalary bolup durýar. Şoňa görä-de, olary zähmet üstünligine ruhlandyrmak we armalaryny ýetirmek işine aýratyn üns berýäris. Möwsümiň ilkinji günlerinden bäri zähmetiň gyzgalaňly alnyp barylýan ýerlerinde, meýdan düşelgelerinde bolup, pagtaçylaryň armasyny ýetirýäris, hasyly öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almagyň möhümdigi barada gürrüň berýäris.

Enejan ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň esasy hünärmeni.