Hojalygyň zähmet üstünligi

19 Sentýabr 2023
556

Kaka etrabynyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygy pagtaçylykda welaýatymyzda ilkinjileriň biri bolup, ajaýyp zähmet üstünligini gazandy. Öňdebaryjy daýhan hojalygynyň zähmetsöýer daýhanlary gowaça ýetişdiren 50 gektar meýdandan hasylyň 103 tonnasyna barabaryny ýygnap, bu babatdaky şertnamalaýyn borçnamasyny 111 göterimden geçirip berjaý etdiler.

Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Aýjahan Nuryýewanyň aýtmagyna görä, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýokary hasyl almak üçin topraga turuwbaşdan yhlas edildi. Ekiniň ähli ideg we bejergi işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirildi. Ýygyma hem taýýarlykly girişilip, bu jogapkärli işde ýüwrük elli ýygymçylaryň onlarçasy ýakyndan ýardama geldi. Agzybirlikli çekilen zähmetiň netijesinde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda arzyly sepgide ýetildi.

Tawus BEKNAZAROWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy.