Arzyly sepgit ugrunda

19 Sentýabr 2023
624

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetişdiren gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap, arzyly pellehana ýetmegi belent maksat tutunan pagtaçy kärendeçileriň biri-de Ýusup Gurdowdyr. Ol Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginde zähmet çekmek bilen, 4 gektar kärende ýerinden «ak altynyň» 9 tonnadan gowragyny almagy borçlanýar.

Gürrüňi edilýän ýaş kärendeçi indi 5 ýyldan bäri toprak bilen iş salşyp, gowaçanyň göwün göteriji hasylyny ýetişdirip gelýär. Şu şanly ýylymyzda hem ol ekiniň ideg işlerine örän jogapkärli çemeleşdi, topraga yhlas-azabyny gaýgyrmady. Yhlasyna görä-de, onuň gowaça meýdanlary berekedini bolluk bilen eçildi.

Batyr GOŞAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň başlygy.