Ýokary hasylly bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň ylmy esaslary

19 Sentýabr 2023
598

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň oba hojalygyny düýpli özgertmek, bugdaýyň tohumçylygyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän sortlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň Karary bilen bugdaýyň naýbaşy, saýlantgy we ýokary arkaly tohumlaryny öndürmäge ýöriteleşdirilen saýlantgy tohumçylyk hojalyklarynyň döredilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda bugdaýyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, öndürilişini artdyrmakda we hilini gowulandyrmakda ekerançylyk çäreleri bilen bir hatarda, onuň tohumçylygyny ylmy esasda ýokary derejede alyp barmagyň ähmiýeti hem örän uludyr.

Aýnabat GARAHANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň kiçi ylmy işgäri.