Bagbanlykdan döwlet tapan

19 Sentýabr 2023
586

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýuny eziz Watanymyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ol gün gözel paýtagtymyzdan uzak bolmadyk ýerde, gadymy Arkaç düzlüginde gojaman Köpetdagyň eteginde ak mermere bürenip oturan milli öwüşginli ymaratdyr binalar bilen gurşalan Arkadag şäheriniň birinji tapgyry gurlup, ulanylmaga berildi. Şäheriň açylyş dabarasyndan galan täsirler baradaky söhbetler häli-häzire çenli ildeşlerimiziň dilinden düşenok.

Bizem agzybir halkymyzyň kalplaryny şatlyga besleýän şeýle günlerde, täze dörän şäheriň gözelligine görk goşýan, salkyn saýalary bilen jana şypa berýän baglary ösdürip ýetişdirip, bu şäheriň gür baglyga bürenmegine asylly goşant goşan bagban hakynda söz açmakçy. Bu bagbana Oraznepes Öwezgeldiýew diýýärler. Ol Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynyň ýaşaýjysy bolmak bilen, baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde baý iş tejribe toplanlaryň biri.

Laçyn SAMMAKOWA,
«Bereketli toprak».