Arahis pissesiniň täze sorty

19 Sentýabr 2023
594

Häzirki döwürde ilat azyk önümleriniň diňe bir beden saglygyna ýetirýän peýdasyna üns bermän, eýsem, onuň daşky gurşawa edýän täsiri bilen hem gyzyklanýar. Olaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin amerikaly seçgiçi alymlar arahis pissesiniň täze görnüşini döretdiler.

Arahis pissesiniň täze «TifCB7» sorty (TPRF) 10 ýyllyk synag tejribesi esasynda döredildi. Pissäniň bu görnüşiniň täze sorty ösüş döwründe ýüze çykýan kesellere durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde, bu ekiniň ösüş döwründe fungisidleriň ulanylmagy tygşytlanyp, onuň daşky gurşawa zyýanly täsiri azaldylýar.

Orazmuhammet GARLYÝEW,
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň baş hünärmeni.