Antarktidada garpyz ösdürilip ýetişdirildi

19 Sentýabr 2023
699

Russiýa Federasiýasynyň Antarktidadaky «Wostok» stansiýasynyň alymlary tarapyndan garpyz ösdürilip ýetişdirildi. Bu ýerde garpyzyň çalt bişýän iki sany görnüşinden sekiz sany garpyz alyndy. «Wostok» stansiýasyndaky Arktika we Antarktida ylmy-barlag institutynyň alymlarynyň bellemeklerine görä, bakja ekini ösdürilip ýetişdirilende tozanlandyrmagyň emeli usulyndan peýdalanylypdyr.

Ekiniň ösmegi üçin amatsyz şertlerde, ýagny, pes atmosfera basyşynda hem-de kislorod ýetmezçiliginde uýgunlaşmagyň usullaryny we bu ýagdaýlaryň ösümlikleriň tagamyna täsirini synag etmek üçin garpyzyň çalt ösýän çigitleri ekildi. Garpyzlaryň ösmegi üçin ýörite toplum döredilip, zerur bolan şertler — topragyň ornuny tutujy, iýmitlendiriji dökünler, yşyklandyryş bilen üpjün edildi. Tozanlandyrma işi geçirilip, ilkinji hasyl alyndy. Garpyzlaryň iň ulusynyň agramy 1 kilograma, diametri bolsa 13 santimetre deň boldy.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Tyllajemal KAKAGELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.