Ýokary hasylly tohumlar ekilýär

18 Sentýabr 2023
477

Şu günler welaýatymyzda bugdaý ekişi gyzgalaňly dowam edýär. Eýýäm ýüzlerçe gektar ýere bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleri ekildi. Olar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Russiýa Federasiýasyndan getirilen bugdaýyň «Alekseiç» we «Bezostaýa — 100» görnüşleridir. Bu görnüşler ilkinji gezek geçen ýyl synagdan geçirildi.

Şu ýylyň galla hasylynda welaýatymyz boýunça ýokary hilli tohumyň 74 müň 861 tonnasy taýýarlanyldy. Şunça tohumlyk bugdaýyň 25 müň 146 tonnasyny häzirki möwsümde welaýatymyzda ekmek meýilleşdirilýär.

Ogulnur HAÝYDOWA,
«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saýat etrabynyň «Watan» daýhan birleşigindäki agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.