Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna girişildi

16 Sentýabr 2023
643

Daşoguz, 15-nji sentýabr (TDH). Şu gün Daşoguz welaýatynyň ekerançylary toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, şu ýylyň pagta ýygymyna girişdiler. 31-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu möhüm möwsüme ak pata berip, hormatly ýaşululara pagta ýygymyna «Bismilla» bilen başlap bermekleri baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Şu möwsümde tutuş ýurdumyz boýunça gowaça ekmek üçin 580 müň gektar ýer bölünip berildi. Şol ýerlerde şu ýylyň baharynda pagtanyň «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «S-2606», «Daşoguz — 120», «Gubadag — 3», «149-F», «Ýolöten — 14» ýaly görnüşleri ekildi.